Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň 30 ýyllyk tejribesine baha berdiler

10:50 21.06.2026 1139

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/17174/original-16a3910a61263a.jpg

Nebitgaz ulgamynda özara gatnaşyklar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň uzak möhletli ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatda eden çykyşynda belledi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, nebitgaz pudagyndaky türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini görkezýändigini belledi. Şu ýyl nebitgaz pudagynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýar. Bu düzüm ýurdumyzda işlän ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumyny goýdy.

«PETRONAS» häzirki döwürde türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda abraýa we hormata eýe bolup, netijeli, sazlaşykly işleýär. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine, ýangyç-energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşýar” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, kompaniýanyň ýolbaşçylaryna hem-de onuň ýurdumyzda işleýän işgärlerine bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýokary ussatlyklary, yhlasly, tutanýerli zähmet çekýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, geçen döwürde örän köp işler amala aşyryldy. Hyzmatdaşlygyň düýpli şertnama binýady döredildi. Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynda önüm çykarmagyň durnukly ösüşi gazanyldy. Şu maksat bilen, deňizde 5 sany platforma guruldy we 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýusy burawlanyldy.

Bu ägirt uly işleriň netijesinde, häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriniň uly gorlary açyldy. Bu ugurda «Magtymguly», «Diýarbekir», «Garagöl Deňiz» ýaly ýataklar özleşdirilýär. Ýakyn wagtda «Öwez», «Maşrykow» ýataklaryny hem senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär.

“Hazar deňzinde bilelikde işlenen ýyllarda 44 milliard kub metrden gowrak gazyň, 16 million tonna suwuk uglewodorodyň çykarylmagy «PETRONAS» kompaniýasy bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň gazanan möhüm üstünlikleriniň biri boldy. Hazar deňziniň türkmen kenarynda malaýziýaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işlemegiň esasynda gaz taýýarlaýan zawod we kenar gaz terminaly, deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desga guruldy.

Maslahata Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim hem gatnaşdy. “1996-njy ýyldan gözbaş alýan bu strategik hyzmatdaşlyk häzirki döwürde iň ýokary derejä göterildi” diýip, Anwar Ibrahim aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özüniň yzygiderli goldawynyň, aýratyn ünsüniň netijesinde şeýle üstünlikleriň gazanylandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

“30 ýylyň dowamynda «PETRONAS» Türkmenistanyň düzümlerini ösdürmäge, şol sanda nebitgaz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga saldamly goşant goşdy. Bu üstünlik iň esasy binýada — ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine esaslanýar. Tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak iki döwlet üçin hem wajyp ähmiýete eýedir. Şu günki günde Türkmenistan we «PETRONAS» hakyky, ygtybarly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny bütin dünýä äşgär edýärler” diýip, ýokary derejeli myhman belledi.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.