Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
18:04 19.06.2026 1549
18-nji iýunda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen ýurdumyza geldi. Bu barada TDH habar berýär.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar.
Howa menzilinden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze sepgitlere çykarylýar.
2024-nji ýylda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi sapary döwletara dialogyň taryhynda aýratyn möhüm tapgyra öwrülip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy.
Nebitgaz pudagy ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky köpýyllyk we netijeli işi uzak möhletleýin hem-de ygtybarly maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasydyr. Hazar deňzinde bilelikde alnyp barlan işleriň dowamynda toplanan baý tejribe bu gün uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek, nebithimiýa we öňdebaryjy ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýady döredýär.
Şunuň bilen birlikde, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlygyň çäklerini ýangyç-energetika toplumyndan başga ugurlarda-da giňeltmegi maksat edinýärler. Ulag-logistika ulgamy, ýokary tehnologiýalar hem-de oba hojalygy ýaly geljegi uly ugurlar üns merkezinde durýar.
Şeýlelikde, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikler we onuň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar iki dostlukly ýurduň arasyndaky ugurlaryň giň gerimi boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ädime öwrüler.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.