Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geler
14:33 15.06.2026 1305
Ýakyn günlerde Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary amala aşyrylar. Sapara görülýän taýýarlyk barada 12-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde maslahat edildi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýar. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidildi.
Häzirki döwürde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijesinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygy bellenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi hem-de iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza boljak resmi saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Türkmen-malaýziýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biriniň nebitgaz pudagy bolup durýandygyny bellemek gerek. Malaýziýanyň döwlet kompaniýasy bolan «PETRONAS» (onuň «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» şahamçasy arkaly) Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky iň irki we iri daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň biridir. Kompaniýa Türkmenistanyň Hazar deňzindäki «1-nji blok» deňiz ýataklaryny önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama esasynda üstünlikli özleşdirip gelýär. Kompaniýa özüniň 30 ýyllyk iş dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna 11,6 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.