Hünär kämilligini ele alýarlar
09:10 31.05.2026 985
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň binasynda mundan iki ýyla golaý wagt ozal konserniniň okuw merkeziniň Mary welaýaty boýunça okuw bölümçesi açyldy.
— Biz okuw merkeziniň ýakyndan goldaw bermeginde bölümçede gysga möhletli kämilleşdiriş okuwlaryny ýola goýduk. Bölümçämizde iki ugur — hünäri ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak, şeýle-de işçi hünärmenleriň hünärine görä tapawutlandyrmak hem-de derejelendirmek ugurlary boýunça iki hepdelik kämilleşdiriş okuwlary geçilýär. Bu ýerde 2025 — 2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işçi hünärmenleriň–738 sanysy öz ugurlary boýunça hünärini kämilleşdirdiler. Okuw otaglarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýaly enjamlary, wideooperatorlar, diwarlyklar, «Galkynyş» gaz käniniň maketi, interaktiw tagtalar, beýleki tehniki serişdeler, okuw-görkezme esbaplary bilen birkemsiz enjamlaşdyrylan. Biz bölümçämize hünärini kämilleşdirmäge gelýän işçi-hünärmenler bilen, esasan, nazaryýet okuwlaryny geçirýäris. Şol okuw sapaklary internet ulgamy boýunça wideooperatorlardan filmler görkezmek arkaly guralýar — diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň okuw merkeziniň Mary welaýaty boýunça okuw bölümçesiniň başlygy Baýmyrat Ýagmyrow gürrüň berýär.
Okuw bölümçesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş», «Lebapgazçykaryş» müdirlikleriniň, şeýle hem «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky müdirlikleriniň işçi hünärmenleriniň ýüzlerçesi kämilleşdiriş okuwlaryny geçip, öz hünär derejesini kämilleşdirdiler.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň nebitgaz gözleg ekspedisiýalarynda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginde burawlaýjy, burawlaýjynyň kömekçisi wezipelerinde zähmet çekýän işçi-hünärmenler hünär kämilleşdiriş okuwlarynda bolanlarynda, guýulary burawlamak otagynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň geologiki we tehniki häsiýetleriniň, şu gaz ýatagynda giňden ulanylýan Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalarynyň, çüwdürim armaturalarynyň, sütün başlarynyň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýasy ýerasty enjamlarynyň tehnologiki aýratynlyklaryny hem ýakyndan öwrenýärler. Diňleýjiler kämil tehnologiýaly buraw desgalary, şolaryň kömegi arkaly burawlaýyş usullary, ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň çägindäki çuň burawlary burawlamak dogrusynda hem giňişleýin düşünje alýarlar.
Okuw bölümçesiniň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak otagy-da degişli gurallar, gollanmalar, düzgünnamalar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şu otagda geçilýän kämilleşdiriş okuwlarynda işçi-hünärmenler önümçilikde tehniki howpsuzlyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegiň, iş gurallaryny howpsuz ulanmagyň kadalary bilen giňden tanyşýarlar.
Bölümçede hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçirýän mugallymlar ozal nebitgaz senagatynyň edara-kärhanalarynyň önümçiliginde uzak ýyllaryň dowamynda zähmet çeken tejribeli hünärmenler. Şoňa görä, mugallymlar Akmyrat Atdaýew, Rejepmyrat Annaýew, Jumageldi Hydyrow, Agajan Mapbakow dagynyň geçirýän kämilleşdiriş okuw sapaklary çuňňur many-mazmuna, netijeli häsiýete eýe bolýar.
Bölümçäniň mugallymlary işçi-hünärmenler bilen kämilleşdiriş okuwlaryny nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçiliginiň gidýän ýerlerinde-de geçirýärler. Olar ýaňy-ýakynda «Türkmengeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologiki gullugynyň okuw bölümçesinde hünär kämilligini geçýän işçi hünärmenleri bilen kärhananyň öz önümçilik sehinde okuw sapagyny geçirdiler.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy
Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy
«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.