HHR-iň Başlygy Türkmenistana gelip görmek çakylygyny kabul etdi we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi goldady
10:00 22.05.2026 2560
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistana gelip görmek çakylygyny kabul edendigini we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi goldaýandygyny habar berdi.
“Hormatly jenap Prezident! Men hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga taýýardyryn” diýlip, 21-nji maýda çap edilen hatda aýdylýar.
“Türkmenistana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Iki tarap üçin hem amatly bolan wagtda ýurduňyza sapar bilen barmaga taýýardyryn” diýip, HHR-iň Başlygy belledi.
“Siz öz hatyňyzda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe iri taslamalary ýatlapsyňyz. Hytaý tarapy iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny yzygiderli goldaýar. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça komitet degişli başlangyçlary düýpli öwrenip, olary degişli şertlerde durmuşa geçirip biler.
Hytaý tarapy Türkmenistan bilen bilelikde gatnaşyklaryň täze aýdyň nusgalaryny döretmek we “Hytaý — Türkmenistan bitewi ykbal bileleşiginiň” mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr” diýlip hatda bellenilýär.
Belläp geçsek, aprel aýynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisinde ykdysadyýetiň birnäçe pudagynda taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiniň netijeleri boýunça resminamalaryň saldamly toplumyna gol çekildi. Şol sanda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetleriniň arasyndaky 2030-njy ýyla çenli hyzmatdaşlyk maksatnamasy, iki ýurduň hökümetleriniň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri hakyndaky umumy ylalaşyk we birnäçe pudagara resminamalar bar.
Şeýle hem aprel aýynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyryny «açar tabşyrmak» şerti bilen gurnamak barada şertnama gol çekildi we onuň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.