Bäsleşigiň welaýat tapgyry
09:05 19.05.2026 1865
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Balkan welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda welaýat tapgyryndaky bäsleşik geçirildi.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň sanly ösüş konsepsiýasyna laýyklykda, bäsleşik ýöriteleşdirilen platformalar we wideoaragatnaşyk serişdeleri arkaly guraldy.
Bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyryna «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi, Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, şeýle hem Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki deňiz orta hünär okuw mekdebi gatnaşdy.
Bäsleşik talyplaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge we hünär bilimlerini ösdürmäge gönükdirilen giň ugurlary öz içine aldy.
Bäsleşigiň geçirilýän meýdançasy hökmünde Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň saýlanyp alynmagy bu okuw mekdebiniň ýokary abraýynyň we ähmiýetiniň subutnamasy boldy.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.