Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň ýolbaşçysy bilen türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegini maslahatlaşdy
11:03 15.05.2026 1909
13-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen bardy. Bu barada TDH habar berýär.
Saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremlinde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijelerine aýratyn üns berip, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlardyr duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge itergi berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy.
Şeýle hem sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň IT merkezi hökmünde Tatarystanyň tejribesine ýurdumyzda uly gyzyklanma bildirilýändigini we tehnoparklar, ykdysadyýete sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi.
Şunuň bilen bir hatarda, nebitgaz, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Aşgabadyň hem-de Kazanyň arasyndaky yzygiderli amala aşyrylýan howa gatnawlary işewürlik we ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirýän möhüm şert hökmünde görkezildi.
TDH-nyň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumy hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ulgamda Tatarystanyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen hünärmenleri tatarystanly kärdeşleri bilen uglewodorod serişdelerini çykarmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Hereket edýän nebit ýataklarynyň işini işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalar olaryň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga, ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Senagat kooperasiýasynda «KamAZ» iri maşyngurluşyk kompaniýasy türkmen bazarynda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün edýän, ýokary derejeli ýerli hünärmenleri taýýarlaýan hyzmat hem-de okuw merkezleriniň giň ulgamy döredildi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.