Çalik Enerji – “Ak şäherim – Aşgabat 2026” Halkara sergisiniň we maslahatynyň Baş hyzmatdaşy boldy
11:16 13.05.2026 2964
«Ak şäherim – Aşgabat 2026» 25-nji Halkara sergisiniň we maslahatynyň Guramaçylyk komiteti «Çalık Enerji» kompaniýasyny 2026-njy ýylyň 24–25-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek halkara çäräniň Baş hyzmatdaşy diýip yglan etdi.
Bu hyzmatdaşlyk «Ak şäherim – Aşgabat 2026» forumynyň düzümleýin ösüş, senagat döwrebaplaşdyrmasy, energetika hyzmatdaşlygy we şäherleriň durnukly özgerişi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin öňdebaryjy sebit platformasy hökmünde halkara ähmiýetiniň barha artýandygyny tassyklaýar.
1998-nji ýylda «Çalık Holding-iň» düzüminde esaslandyrylan «Çalık Enerji» Ýakyn Gündogarda, Merkezi Aziýada, Afrikada, Balkan sebitinde, Türkiýede, Ýewraziýada we Ýewropada iş alyp barýan dünýäniň öňdebaryjy energetika we infrastruktura kompaniýalarynyň biridir. Kompaniýa inžinerçilik, satyn alma we gurluşyk (EPC); elektroenergetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; sanlylaşdyrma we döwrebap energetika düzümini ösdürmek ýaly ugurlarda ýöriteleşýär.
Dünýäniň 12 ýurdunda 36 taslamany amala aşyran we 10 GWt möçberinde gurnalan kuwwaty üpjün eden «Çalık Enerji», iri göwrümli we tehniki taýdan çylşyrymly energetika taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen halkara bazaryndaky ornuny berkitdi.
Türkmenistan «Çalık Enerji» üçin iň möhüm strategik bazarlaryň biri bolup galýar. Kompaniýa ýurduň milli energetika düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny we degişli energetika ulgamlaryny gurmaga uly goşant goşdy. Bu taslamalar milli energetika mümkinçiliklerini güýçlendirmäge, energoulgamyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, ýurduň senagat we ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin wezipelerini goldamaga ýardam edýär.
Häzirki wagtda «Ak şäherim – Aşgabat 2026» çäresine gatnaşmak üçin dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil eýýäm öz gatnaşygyny tassyklady. Forumyň dowamynda döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara guramalary, dünýäniň öňdebaryjy energetika we gurluşyk kompaniýalary, maýadarlar hem-de bilermenler senagat ösüşiniň we durnukly şäher gurluşygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.
Energetika geçişi, sanly şäher ösüşi we durnukly infrastruktura ýaly global meseleleriň çäginde bu maslahat strategik dialog we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin möhüm sebit meýdançasy hökmünde çykyş edýär.
Çäre baradaky has giňişleýin maglumatlar bilen White City Ashgabat resmi saýtynda tanyşyp bilersiňiz.
(Maglumat WCA 2026 guramaçylary tarapyndan berildi).
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.