Ýaryşlar ökdeleri saýlady
09:10 05.05.2026 1926
Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan erkekleriň we gelin-gyzlaryň arasynda guralan bäsleşiklere «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň türgenleri we sporta höwesjeň ýaşlary gatnaşdylar.
Nebitgaz toplumynyň döwrebap desgalarynda sportuň 9 görnüşi (stoluň üstünde oýnalýan tennis, uly tennis, küşt, şaşka, düzzüm, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, daş götermek, darts) boýunça bir hepde dowam eden bäsleşikler diýseň gyzgalaňly hem çekeleşikli boldy we sagdyn durmuşy ýörelge edinen ýaşlar üçin sport baýramçylygyna öwrüldi. Türgenleri saýlamaklyga, kämilleşdirmeklige, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeklige, işgärleriň agzybirligini, özara gatnaşyklaryny berkitmeklige gönükdirilen sport çärelerine şu ýyl höwesjeňleriň has köp gatnaşandygyny bellemelidir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny sütünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň sporty we bedenterbiýäni ösdürmeklige uly üns berýändiginiň, onuň halkymyzyň arasynda giň goldaw tapýandygynyň, sagdyn durmuşyň ýurdumyzda barha çuň kök urýandygynyň subutnamasydyr.
Nebitgaz toplumynda uly ruhubelentlikde şowhunly hem çekeleşikli geçen ýaryşlar ökdeleri saýlady. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.