Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda nebit pudagynda tehnologik hyzmatdaşlyk berkidilýär

16:33 02.05.2026 2331

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16839/original-169f3042c30db4.jpg

Türkmen-hytaý işewürler forumynda çykyş eden «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew nebitgaz pudagynyň ýurduň ykdysadyýetindäki we Hazar sebitindäki ähmiýetine ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň önümçilik döwri çig maly çykarmakdan başlap, gaz kondensatyny çuňňur gaýtadan işlemäge çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar. Pudagyň öňdebaryjylary bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawod içerki bazary doly üpjün etmäge hem-de ýokary hilli önümleri eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Şu günki günde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň çäginde 29 sany şertnama durmuşa geçirilýär. Türkmenistan energetika maşyn gurluşygy üçin döwrebap hytaý enjamlaryny we ýöriteleşdirilen tehnikalary yzygiderli satyn alýar, bu bolsa konserniň önümçilik kuwwatynyň tehniki taýdan kämilleşmegine ýardam edýär.

Batyr Jumaýew Hytaýyň «Sinopec» nebit-himiýa korporasiýasynyň halkara nebit serwis kompaniýasynyň işini aýratyn nygtady. Serwis şertnamasynyň çäginde bu kompaniýa guýulary düýpli abatlamak we täzeden dikeltmek; gapdal sütünleri burawlamak we ýapgyt ugrukdyrylan buraw işleri; guýy düýbi zolagyny berkitmek we suw izolýasiýa ýaly işleri ýerine ýetirýär. Bu ýokary tehnologiýaly işleriň netijesinde täze çykarylan nebitiň mukdary 900 müň tonnadan geçdi, bir gije-gündizdäki nebit çykaryşy bolsa 1,5 müň tonnadan gowrak derejä ýetdi.

B.Jumaýew hytaýly kompaniýalaryň türkmen bazaryna bolan gyzyklanmasyny we bilelikdäki taslamalaryň ýokary netijeliligini aýratyn belledi. Hytaý Halk Respublikasyndan bolan esasy hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar özara bähbitli ösüş üçin berk binýat döredip, iki ýurduň hem energetika gepleşiginiň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.