Sarpaňyz belentdir, mährem zenanlar!
09:05 28.04.2026 1956
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr, mährem zenanlar» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalary tarapyndan guralan çärä degişli toplumyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary, mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmagyň, ene-mamalarymyza, gyz-gelinlerimize sarpaly garamagyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Maslahatyň dowamynda eziz enelerimiziň, edep-ekramyň nusgasy hasaplanýan gülden näzik gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşy, hukuklary, saglygy, çaga terbiýesi, gaýyn-gelin gatnaşyklary, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak barada alnyp barylýan işler giňden beýan edildi. Şeýle hem zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, jemgyýetçilik we syýasy durmuşda tutýan ornuny berkitmek, olaryň ylymda, bilimde, zähmetde başarnyklaryny artdyrmagyna ýardam bermek, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde zenanlaryň eýeleýän möhüm ornuny pugtalandyrmak barada pikir-garaýyşlar aýdyldy.
Çärede «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döwletimizde eneligi we çagalygy goldamak maksady bilen döredilýän mümkinçilikler, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, bu babatda BMG-niň düzümleri bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF we beýleki guramalar bilen durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, çykyşlarda maşgala medeniýetiniň kämil derejä ýetirilmelidigi, tertip-düzgüniň mydama gözegçilikde saklanylmalydygy, millilige aýratyn ähmiýet berilmelidigi bellenildi.
Şeýle hem maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde nebitgaz senagatynyň giň gerimde ösdürilişi barada çykyşlar diňlenildi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.