Prezident «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
13:39 19.04.2026 2551
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasyny döretmek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, konsern bu tapgyryň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “СNPС Amudarya Petroleum Сompany Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek we potratçy bilen işleri utgaşykly alyp barmak, şeýle hem desgany doly işe girizmek we geljekde ony dolandyrmak maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakynda hormatly Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmeginiň taryhy waka bolandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.