Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
16:08 17.04.2026 2237
16-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Din Sýuesýan HHR-de Türkmenistan bilen ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Başlyk Si Szinpiniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komiteti we onuň kiçi komitetleri möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyny belläp geçmegi bu pudagyň strategik ähmiýetini tassyklaýar.
“Biz Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berýäris. Bu ugurdaky üstünlikler ýokary derejede syýasy dialogyň işjeň alnyp barylmagy bilen baglydyr” diýip, döwlet Baştutany belledi we geçen ýyl Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparyny, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda bu ýurda amala aşyran dostluk saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde binýat bolup çykyş edýändigi aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň umumy abadançylygyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.