Gahryman Arkadagymyz we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
19:50 16.04.2026 1236
15-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Din Sýuesýan Hytaýda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belläp, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny aýtdy.
Myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýakynda Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, onuň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini, özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belledi.
Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygy bellenildi.
Ýangyç-energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Hytaýyň “CNPC” korporasiýasy bilen bilelikde “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmäge girişiler.
Dokma senagaty, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy
Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy
«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.