Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogyna gatnaşdy
22:38 07.04.2026 2300
Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda bar bolan mümkinçiliklere we wehimlere bilelikde baha bermek, ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem sebitara integrasiýa boýunça hemmetaraplaýyn ýol kartasyny işläp taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
H.Öwezow öz çykyşynda Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge ýardam bermäge gönükdirilen türkmen tarapynyň alyp barýan işleri bilen gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň dowam etdirilmegini goldadylar.
Şeýle hem Owganystany dikeltmek we onuň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwrüň iň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu taslama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda Owganystanyň çäginde gaz geçirijiniň «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan, uzynlygy 153 kilometre deň bolan Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygy çalt depginlerde alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyz TOPH taslamasy barada aýdanlarynda, onuň diňe bir ykdysady däl, eýsem örän möhüm durmuş ähmiýetiniň bardygyny hem birnäçe gezek nygtap geçdi.
Bilermenleriň bahalandyrmagyna görä, gaz geçirijiniň we oňa degişli infrastruktura ulgamlarynyň, täze edara-kärhanalaryň gurulmagy Owganystanda 12 müň sany täze iş ornunyň döredilmegine mümkinçilik berer. Bu bolsa goňşy ýurtda birnäçe ynsanperwer meseleleriň çözülmegine ýardam eder.
TOPH taslamasynyň ýene-de bir möhüm tarapy, onuň umumy ilat sany 1,7 milliarddan gowrak bolan birnäçe ýurdy tebigy gaz bilen üpjün etmäge gönükdirilendigi bolup durýar. Bu taslama sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ykdysady rowaçlygyň kepili hökmünde çykyş edýär.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.