Türkmenistanyň we HHR-iň ýokary okuw mekdepleri bilelikdäki energetika okuw merkezini döretmegi maslahatlaşdylar
11:55 03.04.2026 3122
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Hytaýyň nebit uniwersitetiniň wekilleri onlaýn görnüşinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda bilelikdäki Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek baradaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi (THP) habar berýär.
Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esas boldy. Soňra Hytaýyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda hytaý tarapy täze bilim edarasyny açmak başlangyjyny öňe sürdi. Bu taslama iki ýurduň ugurdaş uniwersitetleriniň hem-de Hytaýyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Diller alşygy we hyzmatdaşlyk merkeziniň tagallalaryny birleşdirdi.
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda bilim we guramaçylyk meselelerini düzgünleşdirýän Ylalaşygyň taslamasy taýýarlanyldy we şondan soň taraplar resminamanyň jikme-jikliklerini işläp taýýarlamaga girişdiler. Geçirilen maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar resminamanyň hukuk taraplaryny seljerdiler we döwrebap okuw maksatnamalaryny taýýarlamak boýunça tejribe alyşdylar.
Esasy üns Türkmenistanyň energetika toplumy üçin strategik ähmiýete eýe bolan «Nebitgaz işi» we «Himiki inženerçilik» ugurlary boýunça ýokary derejeli bakalawrlary taýýarlamaga gönükdirildi.
Taraplar bu merkeziň döredilmeginiň nebitgaz pudagyny hünärmen kadralar bilen üpjün etmekde möhüm ädim boljakdygyny we ylmy-tehnologik alşyga itergi berjegini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanda ylym we bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň oňyn netijelerini bellediler we şeýle başlangyçlara berilýän hemmetaraplaýyn goldaw üçin ýurt ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdiler.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.