“Burnebitgazhyzmat” müdirligi ýanwar-fewral aýlarynda meýilnamany 173,5% ýerine ýetirdi
11:57 03.04.2026 2327
«Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginde ýokary zähmet görkezijileri gazanylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji iki aýynda kärhanada 1 million 503 müň manada golaý işler ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
«Burnebitgazhyzmat» müdirligi 2006-njy ýylyň 1-nji martynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde döredildi. Şu ýylyň başyndan bäri «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag», «Goturdepe», «Körpeje» we «Ekerem» buraw işleri müdirlikleri boýunça bellenen 11 300 metr meýilnamanyň deregine, jemi 19 610 metr buraw işleri amala aşyryldy. Bu ykdysady görkeziji meýilnamanyň 173,5 % ýerine ýetirilendigini aňladýar.
Işler döwrebap tejribä laýyklykda alnyp barylýar, zerur bolan meýdançalar buraw, gurnama we ulanyş turbalary bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Müdirlikde ýük göterijiligi 12,5 tonna bolan 7 sany gurnama krany, 12-den 25 tonna çenli ýük göterýän 5 sany awtokran, şeýle hem onlarça ýokary ýük göterijilikli «Kamaz» we «Mercedes» awtoulaglary netijeli ulanylýar.
Buraw işlerinde ulanylýan turbalary dikeltmek bölüminde hünärmenleriň tagallasy bilen turbalar gaýtadan işlenilýär, arassalanýar we burawçylara gowşurylýar. Daşary ýurtlaryň döwrebap enjamlary bolan «ASW-1050» we «ASW-700» kysymly kuwwatly desgalar turbalaryň ýagdaýyny we basyşyny doly barlamaga mümkinçilik berýär.
Ähli turbalar — täze gelenlerinden başlap, ulanyşda bolanlaryna çenli — müdürligiň tehniki gullugynda barlagdan geçirilýär we degişli resminamalar bilen berkidilýär. Bentonit öndürýän bölümde ýylyň dowamynda 6 500 tonna bentonit garyndysyny öndürmek meýilleşdirilýär.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.