Aşgabatda “Türkmenistan-ÝB” işewürlik forumynda söwdanyň we maýa goýumlarynyň geljegi maslahatlaşylýar

11:54 27.03.2026 2514

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16599/original-169c4e721f2edb.jpg

26-njy martda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda döwlet düzümleriniň, işewürlik we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda «Özara baglanyşygy berkitmegiň, maýa goýumlary çekmegiň we durnukly ösüşiň täze gözýetimleri» atly işewürlik forumy açyldy.

Bu çäre Halkara söwda merkeziniň (HSM) goldawy bilen ÝB-niň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde guraldy.

Forumyň maksatnamasy üç sany mowzuklaýyn paneli öz içine alýar. Birinji mejlisde ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) girmegi baradaky gepleşikleriň barşy, türkmen kiçi we orta telekeçiliginiň Ýewropa bazarlaryna çykyşy ara alyp maslahatlaşylýar. Çärä Germaniýanyň we Fransiýanyň ilçileri, Ýewropa maýa goýum bankynyň (ÝMB), Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) wekilleri gatnaşýarlar.

Ikinji mejlis Türkmenistanyň Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmekdäki ornuna, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmaga we logistika düzümini kämilleşdirmäge gönükdirildi. Maslahata Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB), Ýewropa Komissiýasynyň, GIZ-iň we Türkmenistanyň Logistika assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşýar.

Üçünji mejlisde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, metanyň zyňyndylaryny azaltmak we halkara maliýeleşdiriş gurallaryny çekmek meseleleri ara alyp maslahatlaşylýar.

Forumyň çäklerinde möhüm resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Taraplar Türkmenistanyň Energetika ministrligi, «Türkmengaz» döwlet konserni we GIZ-iň arasyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnama goşmaçalar girizmek hakyndaky Teswirnamany resmileşdirerler. Bu resminama 2 million ýewro möçberinde goşmaça maliýe bölüp bermegi we «ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Syýasy dialog we klimat boýunça çäreler» taslamasynyň möhletini bir ýyl uzatmagy göz öňünde tutýar.

Forumyň çäklerinde, şeýle hem, işewürlik duşuşyklary geçirilýär we HSM, GIZ hem-de "Expertise France" tarapyndan ÝB-niň goldawy bilen amala aşyrylýan taslamalaryň we türkmen kompaniýalarynyň sergisi guraldy.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.