Hindistan nebitgaz ulgamynda türkmen döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda ýardam bermegi teklip etdi

13:01 26.03.2026 2350

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16595/original-169c38463608f3.jpg

Hindistan Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna, şol sanda nebitgaz ugruna gönükdirilen ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalaryny işläp düzmäge taýýardyr. Bu barada Turkmenportal neşiri Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbaby salgylanyp habar berýär.

Ilçiniň belleýşi ýaly, bu maksatnamalar türkmen hünärmenleriniň isleglerine görä uýgunlaşdyrylyp bilner. Olar nebiti we gazy çykarmagyň hem-de gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalaryny, energetika sektorynda taslamalary dolandyrmagy, şeýle hem ýataklary özleşdirmekde serişdeleri netijeli ulanmagy we ekologik howpsuzlygy öwretmegi öz içine alar.

Hindistanyň ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasy (ITEC) 1964-nji ýyldan bäri hereket edip, dünýäniň 160 ýurdundan 225 müňden gowrak döwlet gullukçysyny öz içine aldy. Türkmenistan bu başlangyja işjeň gatnaşýar: 500-den gowrak türkmen döwlet gullukçylary we 100-e golaý harby gullukçy Hindistanda okuw geçdi, 200-den gowrak talyp bolsa Hindistanyň hökümetiniň hasabyna ýokary bilim aldy.

Wilsonbabu türkmen halkynyň hindi medeniýetine, şol sanda ýoga, aýurweda, hindi filmlerine we sazyna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny hem belledi. Şunlukda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk energetika ulgamyndaky ýokary tehnologiýaly okuwlary öz içine almak bilen, medeni gatnaşyklary berkidýär we strategik taýdan möhüm bolan nebitgaz pudagynda türkmen hünärmenleriniň hünär taýdan ösmegi üçin binýat döredýär.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.