Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa dostluk sapary strategik hyzmatdaşlygy berkidýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk sapary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi.
Bu sapar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň, iki ýurduň arasyndaky strategik we ykdysady hyzmatdaşlygy, aýratyn-da, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze sahypasyny açdy.