Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we «CNPC-niň» ýolbaşçysy gaz pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

12:13 28.03.2026 2980

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16604/original-169bba88039f1e.jpg

18-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-e dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýdyp, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň tagallalaryny belledi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň “CNPC” korporasiýasy bilen özara tejribe alyşmagy dowam etdirmegi, hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Bellenilişi ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Ýangyç-energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz nebitgaz pudagynda özüni ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen “CNPC-niň” möhüm ornuna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz sebit ähmiýetli taslamalara ünsi çekip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň ähmiýetini belledi.

“CNPC-niň” ýolbaşçysy asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly ornuny nygtap, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda döredilýän amatly maýa goýum şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize hoşallyk bildirdi.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.