Gahryman Arkadagymyz we Si Szinpin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar

12:15 28.03.2026 2624

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16605/original-169bba74a033be.jpg

18-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylyp, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ol daşary syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, ylym, bilim ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem soňky ýyllarda syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar we parlamentara dialog giňeldilýär.

Ýangyç-energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň wajyp ähmiýetini belledi.

Şunda gaz pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gazanylan oňyn tejribesini nazara almak bilen, ýurdumyzyň iň iri gaz käninde mundan beýläk-de bilelikde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi.

HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň ýokary ekologik derejesi bilen tapawutlanýandygyny belläp, Hytaýyň oba hojalyk pudagynda, hususan-da, ýokary öndürijilikli tehnikalary ibermek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” energetikany ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin köklerini gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.