HNGU-nyň Balkanabat şahamçasynyň talyplary intellektual bäsleşikde ýeňiş gazandylar

10:58 26.02.2026 2925

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16391/original-1699ea78426193.jpg

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (HNGU) Balkanabat şahamçasynyň talyplary «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasynda geçirilen «Breýn-ring» intellektual bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.

Bu çäre Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi we «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bäsleşige jemi 25 topar gatnaşdy. Olaryň arasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebit orta hünär okuw mekdebiniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary, şeýle hem şäheriň orta mekdepleriniň 10–12-nji synp okuwçylary bar.

Saýlama tapgyry fewral aýynyň dowamynda test görnüşinde geçirildi. Ondan soňky tapgyrlarda toparlar finala çykmak ugrunda bäsleşdiler. Gatnaşyjylar diňe bir çuňňur bilimlerini däl, eýsem birnäçe sekundyň dowamynda dogry jogap tapmak ukybyny, logiki pikirlenmesini we toparlaýyn işlemek ukyplaryny hem görkezdiler.

Bäsleşigiň netijelerine görä 1-nji orna HNGU-nyň Balkanabat filialynyň talyplary, 2-nji orna Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçylary, 3-nji orna Balkanabat şäherindäki 12-nji we 6-njy orta mekdepleriň toparlary mynasyp boldular.

Ýeňijilere guramaçylar we hemaýatkärler tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy diýlip, turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.