Türkmenistan Londonda energetika forumlarynda ileri tutulýan taslamalary hödürledi
11:44 21.02.2026 2548
«Türkmen Energy Forum» kompaniýasynyň wekilleri Londonda geçirilen iki halkara pudaklaýyn çärä — International Energy Week we London Energy Forum-a gatnaşdylar.
Bu çäreler energetika kompaniýalaryny, maliýe institutlaryny, tehnologik guramalary hem-de degişli edaralary birleşdirip, maýa goýum ileri tutulýan ugurlaryny we ählumumy energetiki geçiş şertlerinde energiýa serişdeleriniň ornuny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň maýa goýum ugurlary tanyşdyryldy, halkara kompaniýalar we maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem şu ýyl Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahatlar we sergiler hödürlenip, olara daşary ýurtly hyzmatdaşlar gatnaşmaga çagyryldy.
Ara alyp maslahatlaşmalar maýa goýujylaryň serişde kuwwatyny anyk durmuşa geçiriş mehanizmleri bilen utgaşdyrýan taslamalara aýratyn üns berýändigini tassyklady. Hyzmatdaşlaryň ygtybarlylygy, ösen infrastruktura we önümçiligiň netijeliligi maýa goýum özüne çekijiliginiň esasy faktorlary bolmagynda galýar.
Forumlarda Türkmenistanyň ileri tutulýan maýa goýum taslamalary hödürlendi. Olaryň hatarynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryny durmuşa geçirmek, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bloklarynda uglewodorodlary gözlemek we çykarmak boýunça taslamalar, gazhimiýa toplumlaryny gurmak, nebit gaýtadan işleýän zawodlary we gazhimiýa toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak, wodorod tehnologiýalaryny ösdürmek we beýleki taslamalar bar.
Türkmenistanyň halkara pudaklaýyn meýdançalara yzygiderli gatnaşmagy özara bähbitli hyzmatdaşlyga we energetiki howpsuzlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýar.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.