Giňişleýin Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 2025-nji ýyl boýunça jemleri jemlenildi, 2026-njy ýyl üçin wezipeler kesgitlenildi

13:41 15.02.2026 3891

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16304/original-16990071f9ec7b.jpg

13-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,8 göterim boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 284,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, B.Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowy, şol bir wagtda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.

G.Agajanow bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany A.Begliýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyp, degişli resminama gol çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer G.Agajanowa ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2026-njy ýylda hem döwrebap derejede ösdürmek, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek, nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek möhümdir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçlendirmegi, nebitgaz ylmyny kämilleşdirmegi, daşary döwletleriň abraýly ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi, bu ugurda hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere üns bermegi tabşyrdy.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.