Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Özbegistanda halkara olimpiadada medallary gazandylar
15:21 03.02.2026 3491
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 2026-njy ýylyň 24-29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen matematika we himiýa boýunça halkara olimpiadalarynda ýurdumyzyň ýokary bilim edarasyna mynasyp wekilçilik etdiler.
Bu abraýly intellektual ýaryşlaryň netijesinde türkmen ýaşlary ýurdumyzyň gazananlarynyň üstüni 5 sany baýrakly orun bilen doldurdylar. Olaryň arasynda 1 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal bar.
Takyk ylymlar we sanly tehnologiýalar ugrundan iň ýokary netijeleri şu talyplar görkezdiler: Kerimguly Bendow (Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby) — Altyn medal we I derejeli diplom; Yslam Haýytmuhammedow (şol fakultetiň 4-nji ýyl talyby) — Kümüş medal we II derejeli diplom.
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa ugrunda hem talyplarymyz ýokary ussatlyk görkezdiler: Azim Bahtiýarow (Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby) — Kümüş medal we II derejeli diplom; Abdyrahym Batyrow (şol fakultet) — Bürünç medal we III derejeli diplom; Jemşit Talibžonow (Energetika we inženerçilik desgalary fakulteti) — Bürünç medal we III derejeli diplom.
HNGU-nyň talyplarynyň Özbegistandaky bu uly üstünligi ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň netijeliliginiň we türkmen ýokary biliminiň halkara derejesindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.