Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleri Hazar deňzinde portlaryň gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar
16:09 30.01.2026 4078
Azerbaýjana iş saparynyň dowamynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň direktory Parahat Jumaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti “Baku halkara deňiz porty” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşyga Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow hem gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň strategik hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyrýandygy, aýratyn hem, Türkmenbaşy we Baku (Alat) halkara deňiz portlarynyň arasynda logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge üns berýändigi nygtaldy. Bu hyzmatdaşlyk özara söwda dolanyşygynyň artýan şertlerinde Hazar deňziniň üsti bilen ýük daşamalaryny artdyrmagy, Orta geçelgesini ösdürmäge we iki ýurduň arasyndaky ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir.
Türkmenbaşy we Baku (Alat) portlarynyň ösdürilmegi olary halkara Gündogar-Günbatar geçelgelerine hyzmat edýän Hazar deňziniň esasy logistika merkezlerine öwürmäge gönükdirilendir. Iki porty birleşdirýän esasy ýol nebitiň, dürli ýükleriň we demir ýol wagonlarynyň daşalmagyny üpjün edýär.
Döwrebaplaşdyrylandan soň, Türkmenbaşy porty iri ulag merkezine öwrüldi, Alatdaky Baku porty bolsa öz infrastrukturasyny yzygiderli giňeldýär, ýük we ýolagçy gatnawlarynda öz ornuny güýçlendirýär we Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman ýolunda möhüm orny eýeleýär.
Mundan başga-da, taraplar Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri, şol sanda Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük daşamaklygy artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýewropa Bileleşigi bilen birlikde ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki gaz kraterini söndürmegiň usulyny tapmagy tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Derwezedäki ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň çözgüdini tapmak meselesini gozgady.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Mehrdad Bazrpaş bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Toparyň nobatdaky mejlisi bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar
Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň häkimiýetleri bilen nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.