Aşgabatda «ýaşyl» energetika boýunça iň oňat makala bäsleşiginiň jemleri jemlendi
10:44 26.01.2026 4099
23-nji ýanwarda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmengaz» döwlet konserni, «Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) we «Ussatnews» elektron gazeti tarapyndan guralan «Ýaşyl energiýa — ýagty geljek» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
2025-nji ýylyň maý aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde badalga alan bu bäsleşik jemgyýetiň häzirki zaman energetika çözgütleri baradaky habardarlygy ýokarlandyrmaga hem-de Türkmenistanyň ekologiýa, energiýa tygşytlylygy we howa syýasaty babatdaky milli ileri tutulýan ugurlaryny goldamaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga we ýurtda «ýaşyl» taslamalary durmuşa geçirmäge degişli makalalary hödürlediler.
Bäsleşige Türkmenistanyň dürli sebitlerinden onlarça iş gelip gowuşdy. Awtorlar serişdeleri netijeli ulanmak, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly wajyp meseleleri gozgadylar. Köp sanly işlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýen eserindäki ylmy-tehniki özgertmeleriň we durnukly çözgütleriň zerurlygy baradaky pikirlerine salgylanyldy.
Iň oňat makalalar «Nebit-Gaz» gazetinde, şeýle hem oilgas.gov.tm we ussatnews.com saýtlarynda çap edildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri:
I orun: Ahmet Geldiýew («Watan» gazetiniň bölüm redaktory); Sapargylyç Durdygylyjow («Türkmengaz» DK-nyň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghana müdiri); Mämmet Mämmedow («Nebit-gaz» gazetiniň bölüm müdiri).
II orun: Nurmuhammet Allanazarow (Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň inženeri); Ýagmyr Ataýew (Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak müdiriýetiniň baş hünärmeni); Muhammetnur Ýazgeldiýew (Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby).
III orun: Kerimmuhammet Muhammetorazow (Bilim ministrliginiň hünärmeni); Annajemal Amangylyjowa (Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy); Nabat Wepaýewa («Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni).
Birinji orny eýelänlere Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň DIM-i tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamanyň çäginde Ýewropa ýurtlaryna okuw saparyna gatnaşmak üçin sertifikatlar gowşuryldy. Ikinji we üçünji orunlaryň eýeleri ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
GIZ-iň «Ýaşyl Merkezi Aziýa» maksatnamasynyň ýolbaşçysy doktor Karolina Milow bäsleşigiň ýaşlaryň we hünärmenleriň durnukly energetika meselelerine bolan gyzyklanmasyny görkezendigini belledi.
Okyjylaryň we saýta gelýänleriň köp sanly haýyşlaryny göz öňünde tutup, guramaçylar geljekde hem şeýle bäsleşigiň täzeden yglan ediljekdigini habar berdiler.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.