«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady
10:45 24.01.2026 3975
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy №10123191 belgili bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalary kabul etmegiň deslapky tapgyrynyň başlandygyny habar berýär. Taslama enjamlary düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary bermegi we zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligini göz öňünde tutýar diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär.
Has giňişleýin tehniki şertler, hünär talaplary we işleriň doly möçberi bäsleşik amallarynyň indiki tapgyrynda gatnaşyjylara aýan ediler.
Gatnaşmaga isleg bildirýän potratçylara kompaniýanyň şertnamalar we üpjünçilik bölüminiň mekan.allaberdyev@eni.com we aleksey.butenko@eni.com elektron salgylaryna resmi hat ugratmak arkaly öz gyzyklanmalaryny tassyklamak maslahat berilýär.
Arzalary kabul etmegiň iň soňky möhletini: 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwary, ýerli wagt bilen sagat 23:59-a çenli.
«Biznes Türkmenistan» neşiriniň habar bermegine görä, «Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy 2008-nji ýyldan bäri ýurdumyzda iş alyp barýar. Ol Türkmenistanyň günbatar böleginde ýerleşýän «Nebitdag» şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň operatory hökmünde çykyş edýär. Geçen döwürde nebitiň umumy çykarylyşy 19,5 million tonnadan geçdi, taslamalara goýlan maýa goýumlaryň möçberi bolsa 2,4 milliard ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
ENI kompaniýasy hyzmatlaryň giň gerimini hödürleýär: nebit we gaz gözlegleri hem-de çykarylyşy; elektrik energiýasyny öndürmek taslamalary (alternatiw energiýa çeşmeleri bilen birlikde).
Italiýanyň ENI (Ente Nazionale Idrocarburi) energetika kompaniýasy 1953-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda dünýäniň iň iri nebitgaz korporasiýalarynyň hataryna girýär. Kompaniýa 37 ýurtda iş alyp barýar, ENI brendiniň önümleri bolsa 70 döwletiň bazarlarynda hödürlenýär.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.