Türkmenistanyň känlerinde guýularyň bökdençsiz işi üpjün edilýär

15:32 16.01.2026 3810

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16091/original-16969e0eb70aef.jpg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Düýpli abatlaýyş müdirligi Türkmenistanyň iň iri känlerinde nebit guýularynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek ugrunda netijeli işleri amala aşyrýar.

Müdirligiň abatlaýyş brigadalary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny her gün ýüzlerçe müň tonna nebit we uly göwrümli tebigy gaz bilen üpjün edýän Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň ýerasty we düýpli abatlaýyş işlerini alyp barýarlar.

Abatlaýyş işleriniň barşynda döwrebap enjamlar, hususan-da, ýük göterijiligi 80-den 120 tonna çenli bolan J-650 göteriji desgasy giňden ulanylýar. Çeýe nasos-kompressor turbalarynyň ulanylmagy abatlaýyş möhletlerini ep-esli gysgaltmaga we guýularyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu desgalaryň kömegi bilen guýularyň düýp zolagy gatlak çökündilerinden arassalanýar we çäge dykylary ýuwulýar.

Nebit we gaz çykarylyşyny durnukly saklamakda «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň çeýe nasos-kompressor turbalary arkaly guýulary düýpli abatlaýyş sehine esasy orun degişlidir. Uglewodorodlaryň netijeli çykarylmagyna goşan goşandy üçin bu sehiň başlygy Abdylla Baýrammämmedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.