Türkmenistanyň gaz çykarmakda gazanan täze üstünlikleri
13:39 04.01.2026 5570
Türkmenistan täze – 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda milli energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazandy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan Galkynyş känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde, 110 belgili ulanyş guýusy 4180 metr çuňluga burawlandy.
Şunda degişli gatlagyň 4149 – 4015 metr açyk sütün aralygynda synag işleri geçirilende bir gije-gündizde senagat taýdan 2 mln kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy.
«Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan kükürtsiz gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça kesgitlenen meýilnama laýyklykda, Merkezi Garagum gaz känler toplumynda ýerleşýän Toparjulba gaz käninde 264 belgili ulanyş guýusy 1200 metr çuňluga burawlanyp, aşaky mel döwrüniň apt gatlagynyň 1085 – 1082 metr aralygy özleşdirilende senagat taýdan bir gije-gündizde 300 müň kub metre golaý tebigy gazyň akymy alyndy.
Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň we gaz kondensatynyň goşmaça möçberlerini çykarmak, «Galkynyş» gaz känini yzygiderli özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzda bu ugry ösdürmek, toplumyň eksport mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň energetika syýasaty rowaçlyklara beslenýär.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.