TOPH gaz geçirijisi: Serhetabat-Hyrat bölegi üns merkezinde

18:20 25.12.2025 4927

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15940/original-1694d1096d27c1.jpg

2025-nji ýylyň dekabrynda "Türkmengazgurluşyk" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ("Türkmengaz" döwlet konserniniň düzümi) Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Serhetabat-Hyrat bölegini gurmak üçin kömekçi materiallary we metal önümlerini üpjün etmek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa sebitiniň işjeň ykdysady ösüşi üçin güýçli itergi berjek transmilli taslamany mundan beýläk-de amaly taýdan durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bir aýyň dowamynda goňşy Owganystanyň çägindäki TOPH taslamasynyň bir bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny dowam etdirmek üçin zerur materiallary we önümleri üpjün etmek boýunça öz tekliplerini bermeli. Şeýlelikde, bäsleşik iň amatly üpjün edijini saýlamaga mümkinçilik berer.

2025-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň Serhetabat-Hyrat böleginiň nobatdaky tapgyryna badalga berdi. Dabarada çykyş edip, Gahryman Arkadagymyz taslamany amala aşyrmaga Owganystanyň raýatlarynyň hem çekiljekdigini, onuň doly amala aşyrylmagynyň täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, taslamanyň doly amala aşyrylmagy bilen, Owganystan her ýyl üstaşyr tölegleri hökmünde 1 milliard ABŞ dollaryndan gowrak girdeji alar, ýerli ilat üçin müňlerçe täze iş orunlary dörediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle hem gurluşyk üçin 200-den gowrak häzirki zaman kuwwatly tehnikalaryň ulanylýandygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz TOPH taslamasynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda öňde durýan wezipeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýändigini nygtady.

Dabara gatnaşan Owganystanyň Premýer-ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar TOPH taslamasyny "hyzmatdaşlygyň nyşany we ynamy berkitmek üçin köpri" diýip atlandyrdy. Ol bu taslamanyň Owganystanyň energetika howpsuzlygy we durnuklylygy üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini belläp, Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Ýylda 33 milliard kub metr gaz berjek kuwwatly TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän uly "Galkynyş" gaz ýatagyndan Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherlerinden, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip, Hindistaň günbatarynda ýerleşýän Fazilka şäherine çenli çekilýär. Onuň umumy uzynlygy 1814 kilometre deň bolar. Türkmenistan 214 kilometre deň öz bölegini 2024-nji ýylda gurdy we ulanmaga taýýarlady.

TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň möhüm geosyýasy we geoykdysady ähmiýetini türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 19-njy martynda "Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara hyzmatdaşlygyň orny" atly halkara maslahatda eden çykyşynda nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslama boýunça işleriň kesgitlenen maksatnama laýyklykda alnyp barylýandygyny ynamly aýdyp bolýandygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm taslamalaryň biridigini, onuň maksadynyň häzirki döwürde umumy ilaty 1 milliard 750 million adam bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekdigini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem bu taslamanyň ýokary durmuş-ykdysady ähmiýetini belledi. Hünärmenleriň bahalandyrmalaryna görä, TOPH gaz geçirijisini we degişli infrastruktura ulgamlaryny, täze edaralary we kärhanalary gurmak Owganystanda 12 müň iş ornuny döretmäge, şeýle hem bu ýurtda birnäçe möhüm ynsanperwer meseleleri çözmäge mümkinçilik berer.

Bu gaz taslamasyny "TAPI Pipeline Company Limited" halkara konsorsiumy amala aşyrýar, onda esasy paý "Türkmengaz" döwlet konsernine düşýär. Konsorsiuma şeýle hem "Owgan gaz korporasiýasy", Pakistandan "Inter State Gas Systems (Private) Limited" we Hindistandan "GAIL" girýär.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.