Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
16:50 24.12.2025 4476
22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördüler. Muzeý bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygy geçirildi.
Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine syn berildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Prezident Wladimir Putin 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzy gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.
Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň güwäsidir.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanlary “Ermitaž” muzeýinde konserte tomaşa etdiler.
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.