Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
09:05 23.12.2025 3792
Geçen çarşenbede nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.
Dabaraly çärede, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti hem-de ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlarynyň giňişleýin beýan edilýändigini nygtady.
Soňra «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, TYA-nyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Gülälek Hangeldiýewa, TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Kakajan Baýramow, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Geldimyrat Seýtiýew, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Ýaşaýyş-jemagat hojalygy kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň gidrogeology Bägül Baýramalyýewa dagy çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby ýurdumyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlaryny hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň ählumumy ösüşiň wezipelerine we talaplaryna doly laýyk gelýän maksatlaryny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolan eserdir. Bu ajaýyp eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň her birimize ruhy daýanç bolup hyzmat eder.
Dabaranyň dowamynda «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlarda Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, ata Watanymyzyň ösüşleriniň waspy ýetirildi.
Maslahatyň ahyrynda nebitgaz toplumynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.