Serdar Berdimuhamedow ýapon kompaniýalaryny Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy

22:30 20.12.2025 3754

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15894/original-16946736cab42c.jpg

19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygynda birnäçe özara bähbitli taslamalara gatnaşmagy teklip etdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany energetika, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, ulag we logistika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýaly we ekologiýa ugurly önümçilikleri, suw serişdelerini dolandyrmak, infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, ýurdumyzyň türkmen bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, ilkinji nobatda, maşyngurluşyk, elektronika, himiýa senagaty önümlerini işjeň ilerletmäge taýýardygyny nygtady.

Şol bir wagtda Türkmenistan suw serişdelerini tygşytlamak, suwy arassalamak, önümçilik galyndylaryny dolandyrmak, “ýaşyl” we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny hem-de tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

- Häzirki wagtda Türkmenistanda bu ugra aýratyn üns berilýär. Biz senagat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, galyndylaryň gaýtadan işlenilmegini ösdürmek hem-de serişdeleri rejeli peýdalanmak kadalaryny ornaşdyrmak ugrunda iş alyp barýarys. Biziň “Mitsubishi”, “Toyota”, “Mitsui”, “Sumitomo” ýaly ýapon kompaniýalarynyň bu ulgamda öňdebaryjy çözgütleri we tehnologiýalary bilen oňat tanyşlygymyz bar diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de ýapon kompaniýalaryna birnäçe anyk başlangyçlara garamagy teklip etdi.

Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýapon kompaniýalaryna galyndylary saýpallamagyň, gaýtadan işlemegiň we ikinji gezek peýdalanmagyň hasabyna olaryň ýörite bellenilen meýdançalara iberilýän möçberini mümkin boldugyça azaltmak maksady bilen, durmuş we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça döwrebap zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip etdi. Şeýle-de hapa suwlary senagatda we jemagat hojalygynda gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berjek derejä çenli arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Hyzmatdaşlyk ýyllarynda toplanan tejribe biziň gatnaşyklarymyzyň ynanyşmak we ygtybarlylyk derejesiniň örän ýokarydygyny görkezdi. Muňa döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýeti, birek-biregiň bähbitlerine özara düşünmek we hormat goýmak ýörelgeleri ýardam berdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny, geljekde-de ýapon işewürlerine ýurdumyzda uzak möhletleýin esasda iş alyp barmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşyga ýapon tarapyndan «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Muroosystems Corporation», «ITOCHU Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Mitsubishi Corporation», «ARGONAVT Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, “Çalyk Holding”, “Gap Inşaat” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Işewürler Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetini bellediler we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.