Gahryman Arkadagymyz: «Parahatçylyk we ynanyşmak forumy uzak geljege gönükdirilen dogry, durmuşa ukyply geosyýasy we ykdysady ugurlary kesgitledi»
17:00 15.12.2025 4695
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara forumda eden çykyşynda onuň esasy netijelerini jemledi we bu möhüm çäräniň ähmiýetiniň ýokarydygyny belledi.
“Şu günki mejlisiň dowamynda örän möhüm teklipler we konsepsiýalar, gymmatly başlangyçlardyr pikirler beýan edildi. Olaryň mynasyp goldawa, düşünilmäge eýe boljakdygy şübhesizdir. Olar syýasy-diplomatik işde, döwletleriň hyzmatdaşlygynda, halkara guramalaryň, birleşikleriň işlerinde peýdalanylar hem-de iş tejribesine ornaşdyrylar” diýip Gahryman Arkadagymyz belledi.
Bu forumyň esasy aýratynlygy onuň açyklygydyr hem-de maslahata gatnaşyjylaryň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini bilelikde gözlemäge taýýarlygydyr, olaryň dürli pikirleri kabul etmäge ukyplylygydyr, taraplaryň delillerine we subutnamalaryna hormat goýmagy başarýandyklarydyr.
Bu babatda forum uzak geljege gönükdirilen dogry, durmuşa ukyply geosyýasy we ykdysady ugurlary kesgitledi – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Forumdaky çykyşlaryň many-mazmuny hem-de ugurlary geljege gönükdirilendir, strategik meýilleşdirmegiň giň ugurlaryny açandyr hem-de ileri tutulýan ugurlary, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş-ynsanperwer ulgamynda, durnukly ösüş boýunça birnäçe meselelerde dünýä meýillerine ulgamlaýyn seljerme bermegiň mysalyny görkezendir.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň çykyşlary, giň ugurlar boýunça geçirilen pikir alyşmalar biziň ählimiziň esasy, hakyky hem-de dolanuwsyz umumy düşünjäniň — dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän howpsuzlygyň we ösüşiň bitewi, bölünmeýän ulgamyny döretmegiň zerurlygy bilen birleşendigimizi tutuş aýdyňlygy bilen görkezdi diýip hasap edýärin.
Şeýle ulgamy gurmak erk-islegiň bolmagy, özara ynanyşmak, dünýäniň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilik ýaly düýpli şertler bolan ýagdaýynda mümkindir. Bu düşünjeleri ilerletmek, olary dünýä syýasatynyň kesgitleýji şertine öwürmek maksady bilen, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.