Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
11:49 15.12.2025 4216
12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Wladimir Putiniň bu foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň goldanylýandygyny tassyklaýar.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy forumyň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty sebitde durnuklylygy üpjün etmäge ýardam berýär, dünýä ýurtlary, şol sanda Russiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.
Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň ozaldan gelýän dostluga, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýandygyny aýtdy.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Medeni-ynsanperwer ulgam hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär. Şunda ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.