Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdylar

11:47 15.12.2025 3534

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15837/original-1693cf96f62904.jpg

12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen halkara forumyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

- Siziň bu ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmagyňyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna goldawyňyzyň hem-de parahatçylyk ýörelgelerine berýän möhüm ünsüňiziň güwäsidir diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkiýede Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna we ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň ýurdumyza saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýe bilen ýola goýlan strategik gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Biziň ýurtlarymyzy köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar boýunça netijeli ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.