Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär
18:50 12.12.2025 3588
12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär. Bu barada TDH habar berýär.
Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşýarlar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasyny düzýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan bu hukuk ýagdaýy parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrdy.
Oňyn bitaraplyk dünýä proseslerinden çetleşme bolman, eýsem, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň strategiýadyr. Ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we onuň çäkleriniň daşynda durnuklylyga, howpsuzlyga we özara düşünişmäge ýardam bermäge gönükdirilip, BMG-niň ýörelgelerine doly laýyk gelýär.
Türkmenistan halkara hukugynyň kadalaryna we BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine berk eýerýär. Türkmen bitaraplygy gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diplomatik, syýasy we ykdysady gurallaryň işjeň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.
Merkezi Aziýada Türkmenistanyň oňyn bitaraplygy sebit durnuklylygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Ýurdumyz sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak we netijeli dialog ugrunda yzygiderli çykyş edýär.
Ir bilen Halkara foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular. Her bir gül dessesi ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine goýulýan çuňňur hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.