Gurbanguly Berdimuhamedow: ýangyç-energetika toplumy üçin ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp düzmek zerur
09:42 04.02.2021 9856
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumy üçin ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp düzmegi tabşyrdy. Degişli görkezmeleri döwlet Baştutany Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça sişenbe güni geçiren iş maslahatynda berdi.
Prezidentiň nygtaýşy ýaly, ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmegiň döwrüň möhüm talabydyr.
Döwlet Baştutany ýurdumyzda iň döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hereket edýändigine, şeýle hem topluma degişli kärhanalar gurlanda işgärleri tejribe we okuw-usulyýet taýdan taýýarlamagyň göz öňünde tutulandygyna garamazdan, bu pudakda ýokary taýýarlykly hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini hem-de olary taýýarlamagyň derejesiniň pesdigini belledi.
Döwlet Baştutany uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.
Prezident nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirkizaman aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara uniwersitetleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen talyplary abraýly halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşdyrylmalydyr, olaryň taýýarlan ylmy işleri önümçilige ornaşdyrylmalydyr.
Nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribesinden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, milli hünärmenleri dünýäniň ösen tejribesine we standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň degişli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny seljermegiň, şoňa laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy üçin alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Merkezi döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara bilim edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan СNPС, Dragon Oil, Hyudai, LG, Lukoýl, ARETI we beýleki köpsanly abraýly kompaniýalarynyň okuw merkezlerini işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň nebigaz boýunça öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmakda, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça bilimleri alyşmakda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny belledi. Şol birwagtyň özünde ýurdumyzyň talyplary, mugallymlary we ylmy işgärleri halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşmalydyrlar.
Prezident aýdylanlary jemläp, wise-premýere hem-de rektora bu babatda zerur teklipleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.