Türkmenistanda hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli banknotlaryň täze nusgalary dolanyşyga girizilýär
20:32 01.12.2025 5220
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Merkezi banky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär. Bu barada TDH habar berýär.
Merkezi bankyň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, bu pullaryň esasy aýratynlygy hapalanma, könelme, zeperlenme ýaly daşky täsirlere durnuklylygydyr. Şeýle-de olaryň gorag alamatlary has güýçlendirilip, hakykylygyny tassyklaýan şekilleri wizual taýdan kämilleşdirildi. 1, 5 we 10 manatlyk banknotlaryň reňki hem-de şekili öňki görnüşde saklanyp, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany şekillendirilendir. 200 manatlyk banknotyň ýüz tarapynda «Arkadag» binasynyň, arka tarapynda bolsa Arkadag şäher häkimliginiň edara ediş binasynyň şekili ýerleşdirilipdir. Dolanyşyga giriziljek modifisirlenen manatlaryň we täze banknotyň ýüz tarapynda olaryň çykarylan senesi, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilesi görkezilýär.
Bu banknotlar ýurdumyzyň çäginde eýeçiliginiň görnüşine, alyp barýan iş ugruna garamazdan, edara-kärhanalaryň we guramalaryň ählisi tarapyndan tölegleriň ähli görnüşleri boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji, 2017-nji, 2020-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň çäginde dolanyşykda bolan banknotlardyr teňňeleriň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin azyndan bäş sany gorag alamatyny barlamak zerurdyr. Bu alamatlar baradaky maglumatlar bilen https://www.cbt.tm salgysy boýunça Merkezi bankyň resmi internet saýtyndan tanşyp bilersiňiz.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.