Mejlisiň deputatlary “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyny kabul etdiler
11:27 24.11.2025 4280
22-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda birnäçe täze kanunlar we kanunçylyk namalary kabul edildi diýip, TDH habar berýär.
“Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy maslahatyň gün tertibindäki esasy mesele boldy.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, esasy maliýe-hukuk resminamasy möhüm pudaklaryň durnukly ösüş depginini saklamagyň, sebitleri ösdürmegiň, umuman, Diýarymyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň hasabyna giň gerimli özgertmeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk toplumlary, ulag-aragatnaşyk, dokma we azyk senagaty ýaly binýatlaýyn pudaklary depginli ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Tassyklanylan durmuş-ykdysady strategiýa görä, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde iri taslamalaryň, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, ulag-aragatnaşyk, önümçilik düzümleriniň täze desgalarynyň gurulmagyna, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň, ylymda, tehnikada soňky gazanylanlaryň giňden ornaşdyrylmagyna iri möçberli serişdeler bölünip berilýär.
Geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň esasy maliýe resminamasynda serişdeleriň köp bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge niýetlenendir. Şeýlelikde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary ölçeglere ýetirmegi baş maksat edinýän ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş ugruna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy ulgamlaryna gönükdiriler.
Milli ykdysadyýetiň düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, 2026-njy ýylda telekeçiligi goldamak babatda-da çäreler meýilleşdirildi.
Deputatlar “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler. Oýlanyşykly hasaplamalara esaslanýan, döwletiň we jemgyýetiň serişde mümkinçiliklerine daýanýan esasy maliýe-hukuk resminamasy täze taryhy döwrüň belent maksatlaryna tiz wagtda ýetmäge hyzmat eder.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.