Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde CAREC 2025 işewürlik forumyna we 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy
10:37 22.11.2025 4150
18–20-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde geçirilen CAREC 2025 işewürlik forumyna we Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) «Ýaşyl we sanly CAREC» atly 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Maslahatlaryň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge, durnukly ösüşi ilerletmäge we sanly ulgamy döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Forumyň mowzugynyň möhüm ähmiýeti bellenilip, onuň ekologiýa durnuklylygyna we döwrebap tehnologik çözgütleri durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekýändigi bellenildi.
Türkmen wekiliýeti ulag, söwda, sanly we durmuş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan CAREC-iň täzelenen strategik resminamalaryny goldap çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda milli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, sanly hyzmatlary ösdürmek, gümrük dolandyryşyny kämilleşdirmek we saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini berkitmek, şol sanda howanyň üýtgemegine çydamly we sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Maslahatyň jemleri boýunça CAREC-iň sanly geçelgesini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama we CAREC-iň Söwdany ýeňilleşdirmek we maýa goýumlary üçin şertleri döretmek (CARTIF) ugrunda hyzmatdaşlyk ylalaşygy boýunça gepleşikleriň başlanandygy baradaky Bişkek ministrler jarnamasyna gol çekildi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.