Gahryman Arkadagymyz: Merkezi Aziýa we Azerbaýjana transmilli köpugurly özara baglanyşyklylygyň esasy halkasy bolmak ykbaly ýazylan
10:39 22.11.2025 4187
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe gutlag hatyny iberdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda Ilham Aliýewi we ähli Azerbaýjan halkyny Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 7-nji Konsultatiw duşuşygynda «Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly gatnaşmagy hakynda» biragyzdan kabul edilen karary bilen gutlaýar.
“Elbetde, bu taryhy ähmiýetli waka. Ol Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň bitewi geosyýasy we geo-ykdysady giňişlige öwrülmegini aňladýar we şeýlelik bilen halklarymyzyň we döwletlerimiziň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we hyzmatdaşlyk, öz taryhy ykballaryna olaryň aýrylmazlygynda we bölünmezliginde dogry düşünmek esasynda güýçli birleşmegini döredýär” diýlip hatda aýdylýar.
“Elbetde, bu taryhy ähmiýetli waka. Ol Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň bitewi geosyýasy we geo-ykdysady giňişlige öwrülmegini aňladýar we şeýlelik bilen halklarymyzyň we döwletlerimiziň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we hyzmatdaşlyk, öz taryhy ykballaryna olaryň aýrylmazlygynda we bölünmezliginde dogry düşünmek esasynda güýçli birleşmegini döredýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belleýär.
“Siziň ýurduňyzyň syýasy abraýyny, onuň ägirt uly baýlyklara, senagat, tehnologiki kuwwatyny, medeni we ynsanperwer ugurlarda gazanylan sepgitlerini nazara almak bilen, Azerbaýjanyň konsultatiw duşuşyklara goşulmagynyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagynyň kesgitleýji bölegine, sebit we halkara ösüşiniň häzirki zaman tendensiýalaryna işjeň gatnaşmak üçin höwese, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň bütindünýä derejede ornynyň we ähmiýetiniň ýokarlanmagyna, öz mynasyp ornuny we dünýä koordinatalar ulgamyndaky ýerini duýýan we öňde goýlan maksatlara bilelikde ýetmäge taýyn jogapkärli, agzybir hyzmatdaşlar hökmünde ýokarlanmagyna sebäp boljakdygyna ynanýaryn” diýlip, gutlagda aýdylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen kararyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ösüşiniň taryhy ýoluny, olaryň möhüm zerurlyklaryny we hakyky bähbitlerini şöhlelendirip, düýbünden kanunalaýykdygyna berk ynanýandygyny belleýär.
Bellenilişi ýaly, “hut Merkezi Aziýa we Azerbaýjana häzirki zaman ykdysadyýetiniň deňagramly, üstünlikli we durnukly arhitekturasyny döretmek mümkin bolmadyk transmilli köpugurly özara baglanyşyklylygyň esasy halkasy bolmak ykbaly ýazylandyr. Siziň ýurduňyzyň bu beýik maksady amala aşyrmaga gatnaşmagy mundan beýläk goşmaça berk syýasy-hukuk binýady bilen berkidilendir”.
Konsultatiw duşuşygyň ähli gatnaşyjylar üçin parahatçylygy, ynamy, ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin zerur bolan iň möhüm meýdança bolup çykyş edýär.
Hatynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewe geljek ýyl Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa we Azerbaýjan döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygynda mähriban dogan we dost hökmünde garaşýandygyny aýtdy.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.