«Arkadagyň «Açyk gapylar» syýasaty rowaçlanýar»
20:59 02.02.2021 9865
Şeýle at bilen «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň Tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň we Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat juda işjeň häsiýete we ýokary ruhubelentlige eýe boldy.
Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Hazar deňzindäki
«Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp
taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol
çekilmegine bagyşlanan bu dabaraly maslahatda konserniň önümçilik düzümlerinde
dürli kärde zähmet çekýän nebitçilerdir gazçylar çykyş etdiler. Olardan
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Zenanlar guramasynyň başlygy Ogulbibi
Şyhyýewa, «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň
KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Kadyrberdi Baýryýew, «Nebitgazçykaryş»
trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirliginiň KA-nyň ilkinji
guramasynyň başlygy Tuwakgylyç Geldiýew, «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit
we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň
başlygy Azat Niýazmeňliýew we beýlekiler
öz çykyşlarynda
Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagyny dünýä nusgalyk
derejede ösdürmekde edýän taýsyz tagallalarynyň, çäksiz hemaýat-goldawlarynyň
bu gün öz oňyn netijelerini bolluk bilen eçilýändigini buýsanç bilen aýtdylar.
Dabaraly maslahatda aýratyn nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ýöredýän «Açyk gapylar» syýasaty bütin dünýäde giň goldawa eýe bolup, döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary netijeli ýola goýmaklyga uly mümkinçilikleri açýar. Gürrüňi edilýän Ähtnama gol çekilmegi hem türkmen we azerbaýjan nebitçileriniň nebitgaz pudagyndaky başarnyklaryny bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezer. Bu taryhy waka «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň hem ruhuna doly laýyk gelýär.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza döwletimiziň berkararlygyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň bagtyýarlygyny has-da arşa götermekde alyp barýan beýik işlerinde baky rowaçlyk arzuw etdiler.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.