Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň we tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy
10:54 15.11.2025 3581
14-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, kuwwatly tehnikalaryň hem-de seýsmiki enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen türkmen geologlary tarapyndan tebigy baýlyklaryň ýerasty gorlaryny ýüze çykarmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlaryň ýüze çykarylandygy barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen işleri has-da netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.