AÖB ulag infrastrukturasyny ösdürmekde Türkmenistanyň tagallalaryny goldar

10:56 15.11.2025 3761

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15636/original-16916cf045b73f.jpg

Aşgabatda 12–14-nji noýabr aralygynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň  çäklerinde Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrysýak türkmen döwlet we hususy düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilişi barada gürrüň berdi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

«AÖB ösüş babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna buýsanýar. Biz bu ýurtda eýýäm 25 ýyldan bäri işleýäris we ýurduň ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw berýäris. Bank sebitleýin arabaglanyşygy berkitmekde, infrastruktura giňeltmekde, şeýle hem esasy edaralaryň we adam maýasyny ösdürmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň dowamynda AÖB ulag, energetika we saglygy goraýyş pudaklaryna maýa goýumlaryny amala aşyrdy» diýip, Andrysýak aýtdy.

Wekilhananyň direktory Türkmenistanyň ulag geçelgeleriniň merkezinde ýerleşýän möhüm strategik ornuny belläp, bu ugurda alnyp barylýan taslamalara AÖB-niň goldaw berýändigini nygtady.

«Bu möhüm maslahatyň wekili bolmaga döredilen mümkinçiligi üçin gurnamaçylara minnetdarlyk bildirýärin. Men birnäçe ýyldan bäri bu çärä uly gyzyklanma bilen gatnaşyp gelýärin. Aýratyn nygtasym gelýän zat, Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgeleriniň merkezinde strategik ähmiýete eýedir. Ýurt ulag infrastrukturasyna işjeň maýa goýýar, Aziýa ösüş banky bu meýdançany goldaýar we mundan beýläk hem Türkmenistana ýardam bermäge taýýar» diýip, Andrysýak belledi.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.