Türkmenistanyň ulag kompaniýasy Gündogar bilen Günbataryň arasynda ýükleri daşamakda hyzmatdaşlygyny giňeldýär
10:55 15.11.2025 2920
Türkmentistanyň “Tylla Nal Logistics” ulag-logistika kompaniýasy Ýewropa, Russiýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary boýunça ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeldip, Türkmenistanyň sebitdäki möhüm ulag-logistika merkezi hökmündäki ornuny berkidýär. Bu barada kompaniýanyň wekili Amina Ýegendurdyýewa «Türkmentel – 2025» XVIII Halkara sergisiniň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde gürrüň berdi diýip, Turkmenportal habar berýär.
Bellenilişi ýaly, kompaniýa nebit önümlerinden başlap gurluşyk materiallaryna hem-de iri göwrümli ýükleri daşamaga çenli dürli ýükleriň multimodal daşamalary bilen ýöriteleşýär. Logistika pudagynyň ösdürilmegi iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi hem-de halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Kompaniýa halkara ýük akymlaryny netijeli dolandyrmak üçin giň gerimli wekiliýetler ulgamyny döretdi. Baş edarasy Aşgabatda bolan kompaniýanyň Dubaýda, Gazagystanda we Türkiýede hem edaralary bar. Ýakynda bolsa uly ammarly toplumlary öz içine alýan Hazar şäherindäki täze edara binasy hereket edip başlady. Şeýle geografiýa Ýewropany Ýakyn Gündogar bilen, Russiýany bolsa sebitiň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan üstaşyr ugurlaryny netijeli alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň özüne degişli köp sanly ýük awtoulaglary bar. Ýakyn geljek üçin meýilleşdirilen işleriň arasynda öz demir ýol wagonlaryny satyn almak hem bar. Bu görkeziji üstaşyr ýükleriniň möçberini artdyrmaga hem-de potratçylara bolan garaşlylygy azaltmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, kompaniýa ýükleriň gümrük resmileşdirilişini we deklarirlenmegini, frahtlaşdyrmagy, ammarda saklamagy, şeýle hem müşderiler üçin harytlaryň satyn alynmagyny we eltilmegini üpjün edýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki gaz kraterini söndürmegiň usulyny tapmagy tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Derwezedäki ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň çözgüdini tapmak meselesini gozgady.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Mehrdad Bazrpaş bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Toparyň nobatdaky mejlisi bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar
Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň häkimiýetleri bilen nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.