Türkmenistanyň we ABŞ-nyň işewürleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
17:54 09.11.2025 2319
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Oňa Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, şol sanda dünýä belli «John Deere», «General Electric», «SpaceX», «Oppenheimer Holdings Inc.» ýaly kompaniýalaryň, Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan türkmen önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Ekspozisiýa milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we senagatlaşdyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini açyp görkezdi.
«Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart maslahaty açyp, iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin wagtyň synagyndan geçen netijeli gural hökmünde geňeşiň möhüm ornuny belledi we bu platformany has işjeň ulanmaga çagyrdy.
ABŞ-nyň ugurdaş edarasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, amerikan işewürleriniň okgunly ösýän türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny belläp, olaryň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklady.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin mümkinçilikleri, şol sanda sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, «ýaşyl» energetikany ösdürmäge gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdyrdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugrunyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat bolup durýandygy aýdyldy.
Maslahatyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy we ony doly durmuşa geçirmek üçin çemeleşmeler kesgitlenildi. Şunda soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Maslahatyň dowamynda türkmen işewürleriniň çykyşlaryna orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hususy pudak ýurdumyzyň daşary ykdysady başlangyçlaryna işjeň gatnaşýar, pudagyň wekilleri durmuşa geçirilýän özgertmelere mynasyp goşant goşýarlar. Amerikan kärdeşleri bilen pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen işewürleri ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagynyň gazananlary hem-de maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Şunda Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlerdir ýeňilliklere aýratyn üns çekildi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri ABŞ-ly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.