Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy
17:55 09.11.2025 3595
Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş edip, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi we bu formatyň döredilen wagtyndan bäri gazanylan oňyn netijelere ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşaw ýaly möhüm strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny belläp, sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Donald Trampa mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany agzalan formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy.
Sammitiň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
okary derejeli duşuşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama, medeni miras babatda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.
TDH-nyň belleýşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, bu platforma milli hem-de sebit bähbitlerini ilerletmek üçin möhüm mehanizm hökmünde garaýandygyny tassyklady.
Türkmenistan ulag özara baglanyşygy, energetika howpsuzlygy, ekologik durnuklylyk ýaly meselelere halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekip, ählumumy gün tertibine goşant goşýar we üstaşyr geçiriji, energetika merkezi hökmünde sebitdäki ornuny barha pugtalandyrýar.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.